SPORT

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy CAFA-nyň wise-prezidentiligine saýlanyldy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarow Merkezi Aziýanyň futbol Assosiasiýasynyň wise-prezidentligine saýlanyldy. Guramanyň Ýerine ýetiriji komtitetiniň düzümi we wise-prezidentligine saýlawlar 2-nji maýda Duşanbe şäherinde geçirilen CAFA-nyň 8-nj kongressiniň çäklerinde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

CAFA-nyň ikinji wise-prezidentiniň wezipesine Owganystanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Muhammad Ýusuf Korgar saýlanyldy.

Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Rustam Emomali bolsa ýakyn dörtýyllyk möhlet üçin CAFA-nyň prezidentligine saýlanyldy.

Eýranyň Futbol federasiýasynyň baş sekretary Hedaýat Mombeni CAFA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň täze düzümine girdi, şeýle-de Gyrgyzystanyň Futbol bileleşiginiň wise-prezidenti Dastanbek Konokbaýew Merkezi Aziýanyň futbol Assosiasiýasynyň AFK-nyň Ýerine ýetiriji komitetindäki agzalygyna saýlanyldy.

CAFA-nyň Duşanbe şäherinde geçirilen Kongressine FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino, AFK-nyň prezidenti Şeýh Salman bin Ibragim Al-Falifa, Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň futbol federasiýalarynyň wekiliýetleri, şeýle-de FIFA-nyň we AFK-nyň wekilleri gatnaşdylar.

Ýeri gelende bellesek, Merkezi Aziýanyň futbol Assosiasiýasy 2014-nji ýylda esaslandyrylyp, ol AFK-nyň bäş zolagynyň biridir. CAFA özüne alty ýurduň: Türkmenistanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň futbol federasiýalaryny birleşdirýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”