SPORT

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2025: toparlar düzümlerine üýtgeşmeler girizdiler

3-nji awgustda  ýurdumyzyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawyna badalga berler. Şol gün 20-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy geçirilip, onda “Arkadag” – “Aşgabat” toparlary duşuşar.

Şonuň bilen bagly, futbol çempionatymyzyň ikinji ýarymynyň öňüsyrasy Ýokary liganyň futbol klublarynda üýtgeşmeler bolup geçdi.

Tomusky transfer möwsüminde toparlarymyzyň düzümine goşulan futbolçylaryň arasynda Russiýanyň medialigasynda çykyş edýän “Lotus Music” toparynyň goragçysy Oraz Ataýewiň “Ahalyň” düzümine goşulmagyny, Milli ýygyndymyzyň derwezeçisi Rahat Japarowyň “Aşgabat” toparyna geçmegini hem-de futbol çempionatymyzyň birinji ýarymynda “Altyn Asyryň” derwezeçileriniň tälimçisi bolan Mämmet Orazmuhammedowyň paýtagtymyzyň toparynda derwezeçi hökmünde karýerasyny dowam etdirmek üçin şertnama baglaşandygyny bellemek gerek.

Ýeri gelende bellesek, Çempionatymyzyň iki aýlawynyň jemi boýunça 42 utuk toplan “Arkadag” toparynyň ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýändigini ýatladýarys. 28 utuk toplan “Ahal” ikinji, 25 utukdan toplan “Altyn Asyr” bilen “Şagadam” toparlary üçünji, dördünji orunlarda ornaşdylar.

Dört aýlawdan ybarat bolan futbol çempionatymyzda toparlaryň sekizisi (“Arkadag” – Arkadag şäheri, “Altyn Asyr”, “Aşgabat”, “Köpetdag” – hemmesi Aşgabat şäheri, “Ahal” – Ahal welaýatynyň Änew şäheri, “Şagadam” – Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheri, “Nebitçi” – Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheri, “Merw” – Mary welaýatynyň Mary şäheri) çykyş edýär.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň jemleýji, dördünji aýlawynyň duşuşyklarynyň geçiriljek wagtlary soň belli ediler.

 

“Arkadag” futbol kluby 

Gelen oýunçylar: Aşirow Seýran, Esenow Gurbanmuhammet, Amangeldiýew Ibraýym (hemmesi “Ahal”), Ataýew Baýram (“Şagadam”).

Bellik: “Arkadag” toparynyň düzümine ýaş futbolçylaryň goşulandygyny bellemek gerek.

“Ahal” futbol kluby

Gelen oýunçylar: Gurbanberdiýew Bäşim, Orazow Oraz (“Aşgabat”),

Gurbani Amir, Mirzoýew Süleýman, Garaýew Gurbanmyrat, derwezeçi (hemmesi “Şagadam”), Annaýew Enwer, kärendesine (“Arkadag”), Ataýew Oraz (“Lotus Music”, Russiýa)

Bellik: Şeýle-de, “Ahal” toparynyň düzümine birnäçe ýaş futbolçy goşuldy.

“Altyn Asyr” futbol kluby

Gelen oýunçylar: Tejenow Didar (“Şagadam”), Sekow Igor (“Ahal”), Berdiýew Döwletýar, derwezeçi (“Aşgabat”), Orazmuhammedow Mämmet, derwezeçi.

Bellik: Şeýle-de, “Altyn Asyr” toparynyň düzümine birnäçe ýaş futbolçy goşuldy.

“Şagadam” futbol kluby:

Gelen oýunçylar: Akyýew Elýas (“Nebitçi”), Gaýlyýew BatyrGylyçnyýazow Begenç, Paltaýew Merdan, derwezeçi.

Bellik: Şeýle-de, “Şagadam” toparynyň düzümine birnäçe ýaş futbolçy goşuldy.

“Merw” futbol kluby: 

Gelen oýunçylar: Maksimow Anton, derwezeçi; Orazow Hajymuhammet, kärendesine (ikisi-de “Arkadag”)

Bellik: Şeýle-de, “Merw” toparynyň düzümine birnäçe ýaş futbolçy goşuldy.

“Aşgabat” futbol kluby:

Gelen oýunçylar: Baýow Begmyrat, Japarow Rahar, derwezeçi (ikisi-de “Ahal”), Didarow Didar  (“Köpetdag”).

Bellik: Şeýle-de, “Aşgabat” toparynyň düzümine birnäçe ýaş futbolçy goşuldy.

“Nebitçi” futbol kluby:

Gelen oýunçy: Klimenko Bogdan (“Arkadag”)

Bellik: Şeýle-de, “Nebitçi” toparynyň düzümine birnäçe ýaş futbolçy goşuldy.

“Köpetdag” futbol kluby:

Gelen oýunçylar: Meredow Daýanç (“Ahal”), Saparow Arslan (“Altyn Asyr”), Berdiýew Emir (“Nebitçi”)

Bellik: Şeýle-de, “Köpetdag” toparynyň düzümine birnäçe ýaş futbolçy goşuldy.

Ýene-de okaň

Türkmen türgeniniň Aziýa rekordy

Saud Arabystany binanyň depesinde stadion gurlar

Azerbaýjan topary Gurban Berdiýew bilen şertnamany uzaltmak isleýär

«Arkadag» topary bassyr üçünji ýyl wagtyndan öň çempionlyk derejesini gazandy

“El-Klasiko”: “Real” topary “Barselonadan” üstün çykdy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekilleri AFC-nyň 2025-nji ýyldaky Kongresine gatnaşdylar