BIZNES

Türkmenistanyň döwlet ministri Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) ýerine ýetiriji direktory, Eýranyň nebit ministri Majid Çegeni bilen duşuşdy. Onda iki ýurduň arasynda ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri, aýratyn-da gaz pudagynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle-de geljekki ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew hem-de bölüm müdiriniň orunbasary Begenç Hudaýberdiýew hem gatnaşdy. Onuň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň EYR-na guran saparlarynda geçiren gepleşikleriniň taryhy ähmiýete eýe bolan wakalary hökmünde ykrar edilendigi tassyklandy.

Eýran tarapy nebit-gaz gorlaryna baý bolan Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny nygtadylar. Duşuşygyň ahyrynda taraplar dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrjakdyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder

Hytaý Türkmenistanyň hususy pudagy bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga taýýar

ÝTÖB Türkmenistanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalaryna goldawy giňeltmäge taýýar

Aziýa Ösüş Banky Türkmenstanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna goldaw berer