DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Sarahs etrap bölüminiň täze binasy açyldy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň düzüm birliklerinde hem döwrebap derejede enjamlaşdyrylan täze edara binalary we ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär.
“Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda ýurdumyzda giňden toýlanjak Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň Sarahs etrap bölüminiň täze döwrebap edara binasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi.

Bu täze binanyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we gullugyň işgärleri gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlygynyň belent derejelere ýeten eýýamy biziň özygtyýarly döwletimiziň dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryndaky ornunyň hemmetaraplaýyn pugtalanmagyna, mähriban Watanymyzyň abraýynyň we şöhratynyň artmagyna mynasyp goşant goşmak Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň her bir işgäri üçin mukaddes borçdur diýip bellediler.

Häzirki döwürde ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýän oňyn ýörelgelere hem-de öňdebaryjy usullara daýanýan düýpli özgertmeler alnyp barylýar. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem bu täze edara binada harby gullukçylaryň sanly ulgamyň hyzmatyndan giňden peýdalanyp, raýatlarymyza döwrebap migrasiýa hyzmatlaryny bermegi üçin tehniki enjamlar bilen doly üpjün edilmegidir.

Ýene-de okaň

BMG kiberjenaýatçylyga garşy konwensiýasy kabul etdi

Lukaşenko we 4 dalaşgär prezidentlige dalaş eder

GDA-nyň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçiriler

Prezidenti we Premýer-ministri zenan bolan ýurt

Türkmenbaşy şäherinde Gazagystanyň konsullygynyň täze binasy açyldy

Ata Watan Eserleri

1-10-njy ýanwar aralygynda Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl dabaralary guralar