BIZNES

Türkmenistanyň Deňiz söwda floty 2 million 064 tonna ýük daşady

Deňiz söwda flotynyň gämileri tarapyndan 2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýük daşamagyň umumy mukdary 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 21,6% ýokarlandy we 2 million 064 tonna ýetdi. Umaman aýdylanda 2023-nji ýylyň ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýük daşamak boýunça Milli flotyň meýilnamasy 129,4% ýerine ýetirildi. Bu barada Deňiz söwda flotynyň resmi saýtynda habar berilýär.

2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlary boýunça ýük dolanyşygy 867,149 mln.tn.km. boldy, bu 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 19,1% ýokary we ýanwar-noýabr aýlaryndaky ýük dolanyşyk meýilnamasy 228,9% ýerine ýetirildi.

2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlary boýunça ýolagçy dolanyşygy 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 56,4% ýokarlandy we 8,540 mln.ýolag.km boldy. Meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 240,9% boldy.

Daşalan konteýnerleriň sany 3846 TEU, ösüş depgini 277,3%.

Ösüş depginleriniň ýokarlanmagy, ilkinji nobatda, çig nebit we nebit önümleriniň eksport edilmeginiň, şeýle hem Türkmenbaşy halkara deňiz portundan geçýän umumy we üstaşyr ýükleriň köpelmegi bilen baglanyşyklydyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder