BIZNES

Türkmenistanyň demirýollary «Bir gezeklik ýapynjalary» hödürleýär

Ýolagçylara hödürlenýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti täze hyzmaty – ýagny «Bir gezeklik ýapynjalary» hödürleýär. Bu ädim, ýolagçylaryň has arassa we rahat syýahat ediş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu barada paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtynda habar berilýär.

«Bir gezeklik ýapynjalar» ýolagçylara tämiz düşekleri elýeterli etmek arkaly mikroplar bilen galtaşma ähtimallygyny azaldýar.

Ýolagçylar ýapynjalaryň arassalygyny we diňe özleri tarapyndan ulanylýandygyny bilip has rahat syýahat ederler. Bu täzelik her bir ýolagça şahsy çemeleşme esasynda hyzmat edilýandigini görkezýär.

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ähli ýolagçylaryň howpsuz, rahat we amatly syýahat etmegine ymtylýar. “Bir gezeklik ýapynjalary” hödürlemek arkaly ähli ýolagçylaryň arassaçylyk tarapdan bolan isleglerini kanagatlandyrarys hem-de otlylaryň gigiýeniki we rahatlyk şertlerini ýokarlandyrmaga tarap täze ädim ätýäris.

Şeýle-de “bir gezeklik ýapynjalary” kassadan, terminaldan ýa-da onlaýn görnüşde «Türkmenistan Railways» ykjam goşundylarynda bilet alanda, ýapynja görnüşini saýlap alyp bilersiňiz. Ýapynjanyň bahasy bilediň umumy bahasyna goşular we satyn alyş işini ýönekeý we amatly eder.

Täze teklibiň saparyň hilini gowulandyrmagyň ýönekeý usulyny gözleýän ýolagçylaryň arasynda has-da meşhur bolmagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler

Türkmenistanda tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin infrastruktura taslamasy amala aşyrylar