BILIMJEMGYÝET

Türkmenistanyň Daşary işler ministrleriniň Halkara gatnaşyklar institutynda «Açyk gapylar» güni geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrleriniň Halkara gatnaşyklar instituty 2020-nji ýylyň 5-nji maýynda sagat 15:00-da ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary we instituta okuwa girmäge isleg bildirýän raýatlary «Açyk gapylar» gününe çagyrýar. «Açyk gapylar» gününde instituta gelen ýaşlar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işjeň daşary syýasatynyň dabaralanmagy, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi, milli Liderimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, institutda öwredilýän hünärler, kompýuter, internet sinhron terjime we lingafon, interaktiw okuw otaglary, institutyň durmuşy baradaky diwarlyklar we wideofilm bilen, şeýle hem «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýi, okuw studiýasy, institutda hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi bilen tanşyp bilerler.

Institutyň salgysy: Aşgabat şäheri,

Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 22-02-63, 22-68-45

Ýene-de okaň

Türkmenistanlylara Ýewropa ýurtlarynda magistr maksatnamasy üçin okamak mümkinçiligi

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen ýaşlaryny bilim almak mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary