Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynda saparda boldy. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew türkmen wekiliýetini kabul etdi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň daşary işler ministri Prezident Ilham Aliýewe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamyny ýetirdi.
Prezident Ilham Aliýew öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentine we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna özüniň iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky dürli ugurlardaky, hususan-da ykdysady, ulag we mednei-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi.
Azerbaýjanyň Prezidentiniň şu ýylyň dowamynda Türkmenistana amala aşyran saparynyň, bu saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygynyň arasyndaky duşuşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynda möhüm orun eýeländigi mälim edildi.
Duşuşykda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alşyldy.
Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bu saparyň barşynda Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen hem duşuşdy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 13-14-nji dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitini guramak meýilleşdirilýär.