DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri Russiýada saparda bolar

Russiýanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýakyn wagtda boljak iş saparyny yglan etdi. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, 28-nji awgustda Moskwa şäherinde Raşid Meredow bilen Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda gepleşikler geçiriler.

Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn syýasy, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwerlik gün tertibiniň häzirki meselelerine garamak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, taraplar häzirki halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmagy maksat edinýärler.

Ýene-de okaň

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy