Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasyna 3 günlük gulluk iş sapary bilen bardy. Bu barada Pakistanyň metbugaty habar berýär.
Yslamabadyň halkara howa menzilinde türkmen wekiliýetini Pakistanyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwer Hussain garşylady.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistanyň wise-premýeri we daşary işler ministri Işak Daryň arasynda gepleşikler geçirildi.
Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň üçünji tapgyrynda öz wekiliýetlerine ýolbaşçylyk etdiler. Taraplar söwda, maýa goýum we energetika hyzmatdaşlygy, sebitara baglanyşyk we medeni gatnaşyklara aýratyn üns bermek bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy barada pikir alyşdylar.
Türkmen wekiliýeti 24-nji iýula çenli dowam etjek saparynyň dowamynda Pakistanyň Prezident Asif Ali Zardari hem-de Premýer-ministr Şehbaz Şarif bilen hem duşuşar.
