DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Ýörite wekili bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili jenap Žan Todtuň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar soňky ýyllarda Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky dialog üçin netije meýdança öwrülendigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» (ITTC-2024) atly iki günlük halkara maslahatyň we serginiň ähmiýetini nygtadylar.

BMG-niň «Hemmeler üçin howpsuz ýollar» atly başlangyjyny ITTC-2024-iň goldamagynyň 2025-nji ýylyň 18-19-njy fewralynda Marokkonyň Marrakeş şäherinde geçiriljek ýol howpsuzlygy boýunça 4-nji Bütindünýä ministrler maslahatynyň öňüsyrasynda möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ulag pudagynda köptaraplaýyn çemeleşmeleri öz wagtynda işläp taýýarlamakdaky orny aýratyn bellenildi.

Taraplar ýol-ulag hadysalaryny azaltmagyň oňyn depginine we Türkmenistan tarapyndan bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligine, şol sanda häzirki zaman ýollaryň gurulmagyna, awtomatlaşdyrylan gözegçilik ulgamlarynyň ornaşdyrylmagyna, raýatlaryň ýol düzgünlerini berjaý edişine gözegçiligiň güýçlendirilmegine we beýlekilere aýratyn ünsi çekdiler.

Söhbetdeşler durnukly ösüş üçin esas hökmünde ýol herketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen howpsuz we inklýuziw ulag infrastrukturasyny döretmek ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri

Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana ynsanperwer kömegine iberdi

Türkmenistanyň Ilçisi Ýuji Beleza we Derya Soýsaly Ilçihanada kabul etdi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze Konstitusiýa we täze baýramçylyk döredildi