Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy. Häzirki wagtda Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna taýýarlyk görmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň halkara hem-de sebitleýin syýasy giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary esasynda ýokarda agzalan sessiýa öňümizdäki syýasy ýyl üçin Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary taýýarlanyldy.
TÜRKMENISTANYŇ HALKARA BAŞLANGYÇLARY
- BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine ilkinji gezek “Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna” atly bent girizilip, onuň çäklerinde “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we wajyplygy”, şeýle hem döwletimiziň halkara jemgyýetçilikde araçylyk tagallalaryna goşýan goşandy hökmünde “Halkara araçylyk güni” atly Kararnamalaryň taslamalaryny hödürlemek teklip edilýär.
- Dünýä halklarynyň arasynda özara ynamy berkitmek maksady bilen, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň we Siwilizasiýalar bileleşiginiň howandarlygynda “Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi” atly halkara forumy, şol sanda parahatçylygyň, ynanyşmagyň we birek-birege hormatyň medeniýeti boýunça bütindünýä sammitini geçirmegi teklip edýär. Bu sammitiň netijesinde ählumumy we döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň meselelerini bilelikde çözmek ýörelgeleriniň esasyny düzýän “Halkara ynanyşmak kodeksini” işläp taýýarlamaga çagyryş beýan ediler.
- Türkmenistan Baş Assambleýanyň ýubileý sessiýasynda 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny» yglan etmek baradaky Kararnamany öňe sürer. Bu başlangyç ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge, täze geçelgeleri döretmäge we ähli ýurtlaryň, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag ulgamyna elýeterliligini üpjün etmäge mümkinçilik berer.
- Türkmenistan “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär. Bu başlangyç ýurdumyzyň açyk we ygtybarly energiýa akymlarynyň emele gelmegine, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň dünýä ulgamyna goşulmagyna ýardam eder.
- Ýurdumyz Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmegi teklip eder. Bu merkez topragyň we ekoulgamyň goragyny güýçlendirmek hem-de ýurtlaryň bilelikdäki tejribesini toplamak üçin köptaraplaýyn meýdança bolup hyzmat eder. Şeýle hem Amyderýanyň we Syrderýanyň basseýnleri boýunça sebitleýin konwensiýalaryň taýýarlanylmagy möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Bu konwensiýalar serhetara suw serişdelerini netijeli we adalatly ulanmak üçin ygtybarly halkara hukuk esasyny emele getirer.
- Merkezi Aziýanyň daşky gurşaw meselelerine strategik çemeleşmegiň möhüm ädimi hökmünde Türkmenistan Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklibini iş ýüzünde amala aşyrmagy dowam eder.
- Hazar deňziniň dünýä derejesindäki ähmiýetini göz öňünde tutup, hormatly Prezidentimiziň öňe süren “Hazar ekologik başlangyjynyň” çäginde 2026-njy ýylda ikinji Hazar ekologiýa forumyny geçirmek teklip edilýär.
- Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogynyň işini giňeltmek maksady bilen, Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynda Aşgabatda ýaş parahatçylyk gurujylary taýýarlajak sebitleýin platformany döretmek başlangyjy öňe sürler.
- Medeniýetleriň arasyndaky dialogy ösdürmek, BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara gatnaşyklarda köp dilliligi goldamak baradaky Kararnamalaryny durmuşa geçirmek üçin “Köp dilli diplomatiýanyň halkara gününi” yglan etmek boýunça başlangyjy öňe sürmek, şol sanda “Parahatçylygyň we ösüşiň esasy hökmünde Beýik Ýüpek ýolunyň medeni mirasy” atly Kararnamany taýýarlamak teklip edilýär.
- Türkmenistan hukuk ulgamynda BMG bilen hyzmatdaşlyk babatda halkara hukugyň orny we ähmiýeti barada möhüm teklipleri yzygiderli öňe sürýär. Şolaryň biri hem 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek bilen baglanyşyklydyr.
- Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz geljekki ýyllarda BMG-niň düzüminiň degişli geňeşlerinde agza hökmünde işjeň çykyş eder, şeýle hem 2031-2032-nji ýyllarda Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna we beýleki saýlawly wezipelere ýurdumyzyň saýlanmagy boýunça taýýarlyk işleri dowam etdiriler.