Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň baky Bitaraplygy, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli halkara wirtual sergisiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, Türkmenistandaky daşary ýurtlardaky ilçileri, ýerli we daşary ýurtly metbugat serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan wirtual sergisiniň tanyşdyrylyş dabarasynda ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň wekilleri çykyş edip, Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 26 ýyllygynyň giňden bellenilýändigini, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu baýramçylyk halkara derejesine eýe bolup, 12-nji dekabrda tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň Halkara Bitaraplyk gününi baýram edýändigini bellediler.
Halkara wirtual sergisinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler görkezilýär. Onuň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, täzeçil tehnologiýalar arkaly sanly ulgamda taýýarlanmagy ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini dünýä jemgyýetçiliginde giňden wagyz etmäge uly mümkinçilik bolup durýar.
Halkara wirtual sergisiniň tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, Senagat we gurluşyk önümçilik ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri çykyş edip, öz pudaklarynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalary barada gyzykly gürrüň berdiler. Halk hojalygynyň bu pudaklarynda gazanylýan üstünlikleriň sanly ulgamdaky şekilleri bilen baý öwüşgine eýe bolupdyr.
Şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän “EKSPO-2020” halkara sergisiniň Türkmenistan pawilýonyndan taýýarlanan wideoşekiller hem görkezildi. Mälim bolşy ýaly, bu halkara sergisinde Türkmenistanyň üstünlikleri görkezilýär. Şu ýylyň oktýabr aýynda “EKSPO-2020” halkara sergisiniň Türkmenistanyň Milli gününiň çäreleri geçirildi.
Eýran-Azerbaýjan-Türkmenistan tebigy gaz şertnamasynyň tapgyrlary maslahatlaşyldy