BIZNES

Türkmenistanyň bilen Özbegistanyň Ikinji sebitara forumy geçiriler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, şu ýylyň 20-21-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Ikinji sebitara forumyny hem-de Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Nygtalyşy ýaly, 20-nji noýabrda agzalan serginiň açylyş dabarasynyň, sebitara forumyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem şol gün Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda iki dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertiniň guralmagy teklip edilýär.

21-nji noýabrda bolsa söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, syýahatçylyk pudagyny ösdürmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler boýunça maslahatlary guramak meýilleşdirilýär.

Sebitara forumyň we serginiň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek, resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder