BIZNES

Türkmenistanyň barlaghanalary barlaghanalarynyň işi halkara ölçeglerinde kämilleşdiriler

Türkmenistanyň Döwlet etalon merkeziniň hem-de “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň barlaghanalarynyň işi halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Hökümet mejlisinde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky çäreler standartlaşdyrmak ulgamyndaky işleri döwrüň talabyna laýyklykda alyp barmaga, ugurdaş maddy-enjamlaýyn binýady mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, bu düzümleriň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän barlaghanalary talabalaýyk işletmegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz degişli synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder