SIZDEN GELENLER

Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň tejribeleli kazylarynyň geçiren okuw sapagy

30-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň tejribeleli kazylarynyň gatnaşmagynda   halkara hukugy fakultetinde bilim alýan  talyplary üçin  hünärlerini has-da  kämilleşdirmäge ýardam berýän  okuw sapagy  geçirildi.

Bu okuw  sapagy,  2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda  Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň we  halkara gatnaşyklarynyň ylym-bilim binýadyny kämilleşdirmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren maslahatynda berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek boýunça alnyp baryldy.

Okuw sapagynyň dowamynda Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň tejribeleli kazylary Arbitraž hukugy we Arbitraž iş ýörediş hukugy  bilen baglanyşykly  geljekki halkara hukukçylara  giňişleýin hukuk düşünjelerini berdiler. Bu bolsa talyplaryň  hukuk bilimlerini ýokarlandyryp, hukuk düşünjeleriniň has-da artmagyna öz  täsirini ýetirdi. Gyzykly geçen sapagyň  ahyrynda talyplar öz gyzyklanýan soraglary bilen kazylara ýüzlenmek arkaly   özara sorag-jogap alyşdylar.

 

         Şahnoza EMINOWA,

                                        Türkmenistanyň Daşary işler   ministrliginiň

                                        Halkara gatnaşyklary  institutynyň Halkara

                                        hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

 

Amerikada ýokary bilim almak isleýänler üçin maglumat

 

 

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – sagdynlygyň şäheri

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys