SPORT

Türkmenistanly toparlar «Ýüpek ýoly» halkara rallisinde üstünlikli çykyş edýärler

Türkmenistanly toparlar Kazanda başlanan «Ýüpek ýoly» halkara ralli ýaryşynyň 13-nji goýberilişine gatnaşýarlar.

Ýaryşyň resmi saýtynyň berýän habaryna görä, bu ýaryşda Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasy tarapyndan Merdan Toýlyýew, Şöhrat Toýlyýew, Maksatmyrat Daňatarow, Didar Orazmedow, Begenç Annaýew, Muhammetmyrat Gurbanow (“Nissan Patrol”), Süleýman Annamämmedow, Parahat Garlyýew (Toýota LC 200) dagy çykyş edýär.

Ýaryşyň ugry Russiýanyň 13 sebitiniň üstünden geçýär. Bäsleşigiň esasy baýragy bolan “Ak peleň” ugrundaky göreşe gatnaşýanlar ýaryş üçin kesgitlenen araçägiň ýarysyndna gowragyny geçdiler. Final ýa-da ýapylyş dabarasyna ýene-de 4 gün galdy.

Ralliniň 5-nji tapgyry 557 kilometr bolup, ol Orenburg bilen Samara aralygynda geçdi. Şonuň netijesinde, türkmen türgenleri gazanýan netijeleri bilen baýrakly orunlary eýelemäge çemeleşýärler.

Ýaryşyň resmi saýtynyň berýän habaryna görä, ralli bäsleşiginiň T2 kategoriýasynda  öňdeligi rus türgen Anton Melnikow eýeleýär. Ikinji orunda Leonid Petrow barýan bolsa, 3-nji, 4-nji we 5-nji orunlary degişlilikde türkmen türgenleri eýeläp gelýär. 3-nji orunda Maksatmyrat Daňatarow, 4-nji orunda Merdan Toýlyýew we 5-nji orunda Şamyrat Gurbanow barýar.

Mälim bolşy ýaly, ralli ýaryşy jemi 5241 kilometr aralygy geçmeli bolarlar, onuň 2300 kilometri ýokary tizlik ýollarydyr.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy