SPORT

Türkmenistanly hünärmen Aziýa Kubogyna (U20) gatnaşmaga mümkinçilik aldy

Türkmenistanly futbol hünärmeni Oraz Mämmetgeldiýew 8-nji fewral bilen 1-nji mart aralygynda Hytaýyň Şenjen şäherinde ýaşlaryň arasynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň (U20) final tapgyrynda “Longhua” stadionyna jogapkär hökmünde işlemäge çakylyk aldy.

Ýakynda Özbegistanda geçirilen futzal boýunça dünýä çempionatyna guramaçy hökmünde gatnaşan 30 ýaşly hünärmen şu ýylyň başyna AFC tarapyndan halkara oýunlaryna komissar hökmünde gatnaşmaga rugsatnama alandygyny bellemek gerek. Ol bu ugurda 2024-nji ýylda AFC tarapyndan guralan synaglary üstünlikli geçmegi başardy.

Aziýa Kubogynyň (U20) final tapgyryna ýaşlar ýygyndy toparlaryň 16-synyň gatnaşýandygyny bellemek gerek.

Ýene-de okaň

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”