SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Russiýa nobatdaky ýörite uçar gatnawy

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gurnamagynda nobatdaky ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu gatnawyň 25-nji fewralda Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Russiýanyň ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda mälim edilýär.

Ilçihananyň jemgyýetçilik torunda ýerleşdirilen beýanatda, 25-nji fewralda Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýerine ýetiriljek gatnaw üçin awiapetekleriň satuwynyň 22-nji fewralda sagat 10:00-da başlanjakdygy bellenilýär. Awiapetekleri “S7” awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynda satylyp başlanjakdygy mälim edilýär.

Bu ýörite gatnaw koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly girizilen çäklendirmeleriň çäklerinde ýerine ýetiriljek 37-njy gatnaw bolar.

Mälim bolşy ýaly, ozal hem habar berşimiz ýaly, soňky gezek Moskwa-Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýörite gatnaw 18-nji fewralda amala aşyrylypdy we ol 36-njy gatnaw boldy.

Şeýle hem Türkmenistana ýörite gatnawy amala aşyrýan awiakompaniýalaryň biri hem “Türkhowaýollary” awiakompaniýasydyr.
Bu awiakompaniýa şu ýylyň 25-nji fewralynda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawyň amala aşyrar.
 “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar