JEMGYÝET

Türkmenistandan Russiýa 13-nji ýörite uçar gatnawy

Şu gün 2021-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki halkara howa menzilinden Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherine ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
Ilçihananyň resmi internet sahypasynda ýerleşdirilen habara görä, “S7” awiakompaniýasynyň amala aşyran 8536 belgili Aşgabat-Moskwa ugry boýunça gatnawyndan 171 ýolagçy peýdalandy.
Bu gatnaw 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri Türkmenistana yzygiderli gatnawlar wagtlaýyn togtadylandan bäri 13-nji gatnaw boldy. Ýöne bellemeli zat, bu gezek uçar gatnawy Aşgabat şäherinden amala aşyryldy. Ozalky saparlaryň aglabasy Türkmenabat şäherinden amala aşyrylypdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, 12-nji ýörite gatnaw 2021-nji ýylyň 29-njy aprelinde ýola goýlupdy.

Birnäçe wagt mundan ozal, saýtymyza ýerleşdirilen habarda, “Türkhowaýollary” kompaniýasy hem Stambul-Türkmenabat-Stambul ugry boýunça ýörite gatnaw amala aşyrýandygy bellenilip geçilipdi.

Siz halkara uçar gatnawlary baradaky we beýleki habarlary gyzgyny bilen okamak üçin “Google Plaý Marketden” şu ýere basyp “Atavatan APP” Applikasiýasyny ýükläp alyň!

Biz indi rus dilindäki habarlary hem yzygiderli Size ýetirip durýarys we saýtymyzdaky rus dilindäki habarlary okamak ùçin şu ýere basyñ.

Siz biziñ @atavatanturkmen Instagram sahypamyzdan saýtymyza girilen Türkmen dilindäki habarlary okap bilersìñiz.

Rus, Inlis we Türk dilindäki Instgaram habarlarymyz ùçin @atavataninternational hasabymyzy yzarlaň!

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi we ähli terjime hyzmatlary  üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

THY ýörite uçar gatnawyny amala aşyrýar

Ýene-de okaň

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler