Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli özara kömek-goldaw bermek babatda degişli işler amala aşyryldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistandan Özbegistana suwuklandyrylan gaz iberildi.
Türkmenistandan muzdsuz iberilen suwuklandyrylan gaz Özbegistanda tebigy gaza zerurlyk bolan ilatyň arasynda paýlanyldy. Ýangyjyň 1000 tonnasy Garagalpakistandaky, ýene-de 1000 tonnasy bolsa Horezm welaýatyndaky ilata berildi.
Özbegistanyň metbugatynda berlen habara görä, Türkmenistanda iberilen suwuklandyrylan gaz tebigy gaz zerurlyk bolan maşgalalar berildi.
Türkmenistandan 2000 tonna suwuklandyrylan gaz iberildi. Özbegistanyň Energetika ministrliginden berlen maglumata görä, bu suwuklandyrylan gaz ilata mugt paýlanýar.
Şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Özbegistana dost-doganlyk kömegi hökmünde suwuklandyrylan gaz ibermek göz öňünde tutulypdy.
Özbek tarapy hem öz gezeginde Türkmenistana “Volkswagen Caddy” kysymly “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 20-sini iberipdi.
