BIZNES

Türkmenistandan Hytaýa 3 aýda 2,42 milliardlyk tebigy gaz iberildi

2023-nji ýylyň 3 aýynda Türkmenistandan Hytaý Halk Respublikasyna 2,42 milliard dollarlyk tebigy gaz iberildi. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berýär.

“TASS” habarlar gullugynyň müdirlige salgylanyp beren habaryna görä, Türkmenistan turba geçirijiler arkaly Hytaýa tebigy gaz ibermekde birinji orunda durýar. Üstümizdäki ýylyň 3 aýynda Hytaýa 2,42 milliard dollarlyk tebigy gaz iberildi. Bu ugurdaky ösüş takmynan 14 göterime deňdir.

Hasabat döwründe, ýagny ýanwar-mart aýlarynda Russiýanyň Hytaýa iberen tebigy gazynyň möçberi 1,76 milliard dollara deň bolup, 2,2 esse köpeldi.

Şeýle hem degişli döwürde Mýanma Hytaýa 409 million dollara barabar bolup, bu ugurda üçünji orunda barýar.

Related posts

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna enjamlar satyn alnar

Ata Watan Eserleri

2023-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr ýükleriň möçberi 17% ýokarlandy

Türkmenistan bilen Eýranyň haryt dolanyşygy 79 göterim artdy

Leave a Comment