BILIM

Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglaryna badalga berildi

Türkmenistanda ýöriteleşdirilen, bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça resminamalaryň kabul edilişiniň tamamlanmagyndan soňra 30-njy iýulda ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglary başlandy.

Synaglar sebitleriň we okuw jaýlarynyň aýratynlygyna görä tapgyrlaýyn görnüşde 20-nji awgusta çenli dowam eder. Ilkinji synaglary kabul edip başlanlaryň biri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetidir. Soňra nobat welaýatlardaky ýokary okuw mekdeplerine geçer.

Aýratyn ünsi täze Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti çekýär. Ol ilkinji gezek IT, maşyn gurluşygy, ykdysadyýet we hukuk ýaly sekiz döwrebap ugur boýunça talyplary kabul edýär. Täze uniwersitet «Uniwersitet 4.0» modeline esaslanýar we bilim, ylmy hem-de innowasiýany özünde jemläp, hususy pudagyň we sanly ykdysadyýetiň isleglerine gönükdirilendir.

2025–2026-njy okuw ýylyndan başlap birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde emeli intellekt ulgamlary, maglumat tehnologiýalary, energiýany tygşytlamak, bank işi, salgyt salmak we seljerme işi ýaly 13 täze hünär açylar. Bu ugurlar ýurdumyzda ykdysadyýetiň çalt ösüşi we hakyky pudagyň ösýän talaplaryna laýyklykda girizilýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň belleýşi ýaly, durmuşa geçirilýän özgertmeleriň esasy maksady — sanlylaşdyrmak we tehnologiki döwrebaplaşdyrmak şertlerinde işläp bilýän täze nesil hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygy baradaky sözleri Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynyň ösüş ugruny kesgitledi.

Ýene-de okaň

Robotlaryň olimpiadasy: mekdep okuwçylarymyz Panamada geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

Türkmenistan ABŞ-nyň Montana uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar

Türkmenistan bilen Ukraina ylym, bilim we atçylyk babatda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekişdi

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe halkara olimpiadalar we maslahatlar geçiriler

Türkmenistan we Hytaý: bilim hyzmatdaşlygyna täze itergi

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda bilim ulgamynda ähtnama gol çekildi