BIZNES

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirlen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň hasabatynda bellenildi.

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy. Şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2 göterime, gurluşykda 6 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 9,3 göterime, söwdada 8,2 göterime, oba hojalygynda 2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,5 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýylyň ýanwar aýynda jemi öndürilen önüm 10 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe geçen ýyl bilen deňeşdirilende bölek satuw haryt dolanyşygy 10,1 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar aýy boýunça döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,2 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,1 göterim ýerine ýetirildi. Hasabatda býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli serişdeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21,3 göterim ýokarlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini kämilleşdirmegi dowam etmegiň möhümdigini aýdyp, wise-premýere ýurdy ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegi, şeýle hem jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak we pudaklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy

“Merkezi Aziýa-ABŞ” işewürler forumy geçirilýär

“Merkezi Aziýa-ABŞ” işewürlik forumy Bişkekde geçiriler

Türkmenistanyň 3 bankynyň maddy-tehniki binýady kämilleşdiriler

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistan – Belarus: halkara sergiler boýunça hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy