BIZNES

Türkmenistanda tebigy gazyň eksporty ýokarlandy

Nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenilýän we eksport edilýän möçberlerini artdyrmak ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýlan möhüm wezipeleriniň biridir. Bu barada “ussatnews.com” internet neşirinde bellenilip geçilýär.

Neşirde berlen maglumata görä, şu ýylyň geçen iki aýynda Türkmenistanda tebigy we ugurdaş gazyň 14,5 milliard kubmetrden gowragy çykaryldy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde ösüş depgini 107,4 göterine deň boldy, “mawy ýangyjyň” eksporty 9 göterim ýokarlanyp, 6,7 milliard kubmetrden geçdi. Çig malyň agramly bölegi Hytaý Halk Respublikasyna iberildi.

NEBIT ÖNÜMÇILIGI HEM ÝOKARLANDY

Umuman ýurdumyz boýunça ýanwar-fewral aýlarynda nebitiň çykarylan mukdary 1,46 million tonna golaý boldy. “Gara altynyň” çykarylýan möçberini has-da artdyrmak boýunça meýilnamalar ozaly bilen Hazaryň kenarýaka zolagyndaky geljegi uly täze meýdanlary özleşdirmek bilen bagly bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, şu ýyl buraw işleriniň ep-esli artandygyny bellemek bellemek gerek.

Şeýlelikde, häzirki wagtda «Türkmennebit» döwlet konserni Demirgazyk Goturdepe ýatagynda ulanyş guýularynyň 11-niň we gözleg guýularynyň ikisiniň gurluşygyny alyp barýar. Şeýle hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy bu ýerde aşaky miosen çökündilerini barlamak üçin niýetlenen guýularyň ikisini burawlamagy dowam edýär.

Uzynada gazkondensatly ýatagy özleşdirmek boýunça işler batly depginlerde dowam edýär, bu ýerde önüm berýän guýularyň altysy bar. Häzir bu ýatakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalary iki guýyny, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy bolsa, “ýerasty guýularyň” ýene-de üçüsini burawlaýarlar.

Gözleg-barlag buraw işleri bilen bir hatarda 2D we 3D usullar arkaly seýsmiki barlaglaryň, şeýle hem nebitiň we gazyň, beýleki tebigy serişdeleriň täze ýataklaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen grawimetriki işleriň uly maksatnamasy amala aşyrylýar.

TNGIZT-iň IŞLERI ILERI

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda geçen iki aýda dürli kysymly benziniň 310 müň tonna golaýy, dizel ýangyjynyň 279 müň tonnadan gowragy, polipropileniň 13 müň tonnadan gowragy, çalgy ýaglaryň 10,6 müň tonnasy öndürildi.

Suwuklandyrylan gazyň öndürilen mukdary tutuş ýurdumyz boýunça 28 müň tonnadan gowrak boldy.

 

Özbegistanda köpçülikleýin sanjym başlandy

Ýene-de okaň

Eýranda maliýe özgertmeleri: pul birligi çalyşýar

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

“Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan” demirýoluň gurluşygyna başlanýar

Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň harytlaryň sergisi geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan Malaýziýa bilen oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri