JEMGYÝET

Türkmenistanda täze kazylar wezipä bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda” Permana gol çekdi.

Şoňa laýyklykda…

«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Öwezmyrat Sapargeldiýewiç Bäşimowy Balkan welaýat kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli;

Atajan Akmyradowiç Rozyýewi Ahal welaýatynyň Kaka etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Ýazjemal Sultanmuratowna Suhanberdiýewany Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesini bermeli;

Ezizmyrat Akmyradowiç Annaýewi Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesini bermeli;

Baýramgeldi Çaryberdiýewiç Rahymowy Lebap welaýatynyň Kerki etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesini bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 4-nji sentýabry.

Ýene-de okaň

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy