JEMGYÝET

Türkmenistanda täze etraplaryň birnäçesini döretmek teklip edilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berdi.

Wise-premýer Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagynyň dolandyrylyşyny yzygiderli kämilleşdirmek barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlarda oba hojalyk önümçiliginiň guralyşyny kämilleşdirmek, ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we täze usullaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, bugdaýyň, pagtanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümleriniň görnüşlerini, hilini we möçberini has-da artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky etraplardyr obalaryň ýaşaýjylaryndan gelip gowşan haýyşnamalar esasynda täze etraplaryň birnäçesini döretmek bilen bagly teklipleriň taýýarlanylandygyny aýtdy we olary Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hödürledi.

Mejlisde çykyş eden Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow Milli Liderimiziň mejlisde ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek bilen bagly öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek üçin guramaçylyk topary we welaýat häkimlikleri, beýleki degişli edaralar bilen bilelikde zerur işleri geçirjekdiklerine ynandyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty boýunça Konstitusion kanun taýýarlanar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 19-njy sentýabrda geçiriler

Raşid Meredow Waşingtonda Marko Rubio bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Hormatly Prezidentimiz Wengriýanyň milli baýramyny gutlady

Türkmenistanyň raýatlaryna Hytaýyň ilçihanasyna resminama tabşyrmagyň günleri köpeldildi

Arkadag lukmançylyk klasteri “Kids EXPO” sergisinde tanyşdyrylar