SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanda täze çäklendirmeler

Öň girizilen çäklendiriji çäreleriň oňyn tejribesine esaslanyp, dünýäde dowam edýän çylşyrymly epidemiologiki ýagdaý bilen baglanyşykly Türkmenistanyň çägine ýiti ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanda raýatlaryň hereketini tertipleşdirmek üçin çäreler görülýär. Bu barada “orient.tm” internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, şunuň bilen baglylykda, töwekgelçilikli adamlaryň, şol sanda 50 ýaşdan uly raýatlaryň şäherara we sebitara ugurlarynda hereketine çäklendirmeler girizilýär.

Şeýle hem, 50 ýaşdan uly bolan işgärleriň ýurduň sebitlerine iş saparlary çäklendirilýär.

Siz biziň Android ulgamynda işleýän Applikasyýamyzy şu ýere basyp, özüňiziň mobil telefonyňyza ýükläp ähli  habarlary aňsatlyk bilen okap bilersiňiz!

Halkara uçar gatnawlary barada maglumat

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Russiýadaky wekilhanasynyň https://turkmenistanairlines.ru   internet saýtynda 22.11.2020 senesinde ýerleşdirilen habarda  bellenişine  görä COVID-19 koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly awiakompaniýanyň ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagy 2020-nji ýylyň 31-nji dekabryna  çenli uzaldylýar.

Ýadyňyzda bolsa geçen aýyň ahyrynda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com  saýtynda Türkmenistanyň halkara howa gatnawlarynyň we daşary ýurt raýatlarynyň gelmeginiň möhleti barada habar ýerleşdiripdik. Şol habarda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ýiti ýokanç keselleriň ýurduň çägine girmeginiň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanyň döwlet serhetlerinden ýurduň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň hem-de raýatlary bolmadyk adamlaryň geçmeginiň çäklendirmeginiň möhleti 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli çäklendirilendigi bellenipdi.

https://turkmenistanairlines.ru    internet saýtynda bellenişine görä, aşakdaky ugurlarda ähli uçuşlar wagtlaýynça togtadylýar:

Aşgabat – Stambul – Aşgabat

Aşgabat – Ankara – Aşgabat

Aşgabat – Moskwa – Aşgabat

Aşgabat-Sankt-Peterburg-Aşgabat

Aşgabat-Kazan-Aşgabat

Aşgabat-Minsk-Aşgabat

Aşgabat-Almaty-Aşgabat

Aşgabat-Frankfurt-Aşgabat

Aşgabat-Birmingem-Aşgabat

Aşgabat-Amritsar-Aşgabat

Aşgabat-Deli-Aşgabat

Aşgabat-Dubaý-Aşgabat

Aşgabat-Abu Dabi-Aşgabat

Aşgabat-Pekin-Aşgabat

Aşgabat-Bangkok-Aşgabat

Şäherara otly we awtobus gatnawlary

Türkmenistana ýiti ýokan keselleriň gelmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen käbir çäklendirmeler dowam edýär. Şeýle çäklendirmeleriň esasynda ýolagçylara hyzmat edýän otly hem-de şäherara awtobus gatnawlary 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli togtadyldy.

Medeniýet we sarp ediş hyzmatlary 

Ýurduň medeniýet we sarp ediş hyzmatlary edaralarynyň işiniň çäklendirme möhleti hem 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaldyldy.

Bu habarda bellenilip geçilişi ýaly, kabul edilen degişli çözgüde laýyklykda, kinoteatrlaryň, teatrlarynyň, oýun attraksion seýilgähleriniň, muzeýleriň, gözellik salonlarynyň, hammamlaryň we sport desgalarynyň (suwda ýüzmek üçin niýetlenen howuzlar, fitnes we aerobika klublary) işi çäklendirilýär.

Şeýle hem şol bir wagtda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli gysga möhletli we tölegli okuw kurslarynyň we oýun merkezleriniň işi hem çäklendirilýär.

Dünýä tejribesi göz öňünde tutulyp, ýiti ýokanç keselleriň Türkmenistanyň çägine getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak üçin alnyp barylýan işleri güýçlendirmek maksady bilen, ýurdumyza daşary ýurtlardan gelýän adamlar üçin karantin möhletini 14 günden 21 güne çenli artdyrmak kararyna gelinendigini ýatlap geçeýliň!

Ýene-de okaň

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy