BIZNES

«Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşany taýýarlanýar

2023-nji ýylyň 22-nji dekabrynda  Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanyny işläp taýýarlamak boýunça Pudagara iş toparynyň ýygnagy geçirildi.

Pudagara iş toparynyň gün tertibine «Türkmenistanda öndürilen»  milli nyşany hakynda düzgünnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak hem-de «Türkmenistanda öndürilen»  milli nyşanyň şekilini saýlap almak we ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna  hödürlemek ýaly meseleler girizildi.

Ýygnagyň dowamynda «Türkmenistanda öndürilen»  milli haryt nyşany hakynda düzgünnamanyň taslamasy hem-de     «Türkmenistanda öndürilen»  milli haryt nyşanynyň şekilini saýlap almak baradaky geçirilen bäsleşige gelip gowşan teklipler boýunça çykyşlar edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder