Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan himiýa önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda “Tejenkarbamid”, “Marykarbamid” we “Garabogazkarbamid” zawodlary tarapyndan karbamid döküni öndürilip, onuň köp bölegi daşary ýurtlara iberilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan 2023-nji ýylyň önümçilik meýilnamasyna laýyklykda, bu çig malyň bir ýyllyk zerur bolan möçberini satyn almak boýunça halkara bäsleşik geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen kärhanalaryň bökdençsiz işledilmeginiň ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri dökünler bilen doly üpjün etmäge hem-de olaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmegini ýola goýmak boýunça “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan görülýän çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň karbamid zawodlarynyň önümçiliginde karbamidli-formaldegid konsentraty esasy çig mal bolup hyzmat edýär. Ol daşary ýurtlara köp möçberde iberilýän karbamid dökünleriniň hilini we durkuny saklamaga oňyn täsir edýär. Munuň özi dökünleri uzak aralyga daşamakda aýratyn ähmiýete eýedir. Şu önümçiligiň esasy çig maly bolan metanolyň Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodda öndürilýändigini nazara almak bilen, degişli önümçiligi şu zawodyň çäginde gurmak maksadalaýyk hasaplanýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini ýola goýmak boýunça görülýän çäreleriň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.