TEHNOLOGIÝA

Türkmenistanda internetden peýdalanýanlaryň sany artýar

«Türkmentel — 2023» atly XVI halkara maslahatynda çykyş eden “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýolbaşçysy Hajimyrat Hudaýgulyýew Türkmenistanda ilatly nokatlaryň ýokary tizlikli internet bilen üpjün edilendigini mälim etdi.

Onuň bellemegine görä, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen Yslam öüş banky aragatnaşyk hyzmatlaryny kämilleşdirmek babatda umumy bahasy 273 million dollara barabar birnäçe taslamalary durmuşa geçirdi.

– Şonuň netijesinde, ilatly nokatlar ýokary tizlikli internet bilen üpjün edildi. Munuň üçun dürli tehnologiýalar ulanylyp, şol sanda biziň emele hemramyzyň mümkinçiliklerinden peýdalanyldy – diýip, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýolbaşçysy belledi.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, häzirki wagtda ýurdumyzda internetden peýdalanýanlaryň umumy sany 3148718 adama deňdir. Onuň 421609-sy kabel arkaly, 2727569-sy bolsa, mobil internetden peýdalanýar.

Şeýle hem Türkmenistanda häzirki wagtda  maglumat geçiriji döwletara optiki-süýümli ulgamlaryň 8-si hereket edýär.

Mundan başga-da, Balkan welaýatynyň Garabogaz geňeşliginden Gazagystan Respublikasynyň Teýmir baba ilatly nokadyna çenli, Balkan welaýatynyň Etrek etrabyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Kummet Kowus ilatly nokadyna çenli, şeýle hem Hazar deňziniň aşagyndan optiki-süýümli ulgamlary çekmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar