BIZNES

Türkmenistanda ilkinji Gün we ýel elektrik stansiýasy ulanmaga berler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Gyzylarbat etrabynda gurlan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň açyljakdygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynda ýurdumyzyň elektrik energetika ulgamynda gazanýan üstünlikleri barada belläp geçdi.

Şoňa laýyklykda:

– Ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy birleşdirmek boýunça hem netijeli işler amala aşyryldy. Ahal — Balkan, Mary — Ahal, Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijileri işe girizildi. Bu bolsa içerki sarp edijilerimiziň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Eziz Watanymyzyň dürli künjeklerinden daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermek üçin amatly şertleri döredýär. Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Ýakyn günlerde biz Gyzylarbat etrabynda gurlan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşarys. Gurluşyk we senagat toplumynda täze önümçilikleri döretmegi geljekde hem dowam etdireris – diýip hormatly Prezidentimiz belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder