BIZNES

Türkmenistanda içerki önümiň ösüşiniň görkezijisi 6,3 göterime barabar boldy

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde on aýyň dowamynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji 6,3 göterime barabar boldy.

2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 6,3 göterim artdy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýylyň başyndan bäri bölek satuw haryt dolanyşygy 9,6 göterim köpeldi.

Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 110,7 göterim we çykdajy bölegi 97,8 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 7,4 göterim artdy.

Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 53 sany durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, 34 sany suw we lagym arassalaýjy desgalaryň, 379,9 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder