DÜNÝÄ

Türkmenistanda hytaý dilini öwrenýän ýaşlaryň sany artýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary Ma Sinžuýy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi we türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň we HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Olar ýurdumyz bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini bellediler.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, HHR-iň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu saparyň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny giňeltmäge, Sinszýan-Uýgur awtonom raýony bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Myhman partiýalaryň we parlamentleriň arasynda hem gatnaşyklaryň işjeň alnyp barylýandygyny, iki ýurduň syýasy partiýalarynyň wekilleriniň özara saparlarynyň yzygiderli guralýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ylym-bilim, medeniýet, sungat ulgamlary dostlukly türkmen hem-de hytaý halklaryny ýakynlaşdyrýan gurala öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dilini öwrenýän ýaşlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygy, ýurdumyzyň talyplarynyň köpüsiniň bolsa Hytaýda okaýandygy bellenildi.

Umumy pikire görä, golaýda Hytaý dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň hem-de Türkmenistanyň aýry-aýry ýokary okuw mekdepleriniň — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arasynda hytaý dili mugallymlary bilen üpjün etmek barada hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi däp bolan ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmäge täze itergi berer.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri