BIZNES

Türkmenistanda hususy notarius bolmak : Ygtyýarnamanyň mazmuny

Ýokary hukuk bilimi bolan, hukuk hünäri boýunça azyndan 2 ýyl üznüksiz iş döwri bolan, notariusda alty aýyň dowamynda tälim alan we hünär synagyny geçen Türkmenistanyň raýaty hususy notarius bolup biler. Bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň web saýtynda aýdylýar.

Notarial işi amala aşyrmak üçin ygtyýarnama ygtyýarnamala şu notarial hereketleri amala aşyrmaga hukuk berýär:

1) geleşikleri (nika şertnamalary, aliment şertnamalary we beýleki şertnamalary, şol sanda wesýetnamalary, ynanç hatlary) tassyklamaga;

2) mirasy goramaga zerur çäreleri görmäge;

3) mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama bermäge;

4) kanun tarapyndan bellenilen halatlarda eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama bermäge;

5) kanun tarapyndan bellenilen halatlarda emlägi aýrybaşgalanmagyna gadaganlygy girizmäge we ony aýyrmaga;

6) resminamalaryň nusgalarynyň we olardan göçürmeleriň dogrulygyna şaýatlyk etmäge;

7) resminamalardaky gollaryň hakykylygyna şaýatlyk etmäge;

8) resminamalaryň bir dilden beýleki dile terjimesiniň dogrulygyna şaýatlyk etmäge;

9) adamyň diriligi barada fakty tassyklamaga;

10) adamyň kesgitli bir ýerde barlygy barada fakty tassyklamaga;

11) adamyň ýüz keşbiniň suratdaky şekil bilen kybapdaşlygyny tassyklamaga;

12) resminamalaryň görkezilen wagtyny tassyklamaga;

13) fiziki we ýuridik şahslaryň arzalaryny beýleki fiziki we ýuridik şahslara bermäge;

14) puly we gymmatly kagyzlary depozite kabul etmäge;

15) ýerine ýetiriliş ýazgylaryny amala aşyrmaga;

16) wekselleriň garşylyknamalaryny amala aşyrmaga;

17) çekleri tölege görkezmäge we çekleriň tölenmänligini tassyklamaga;

18) resminamalary saklamak üçin kabul etmäge;

19) deňiz garşylyknamalaryny amala aşyrmaga;

20) subutnamalary üpjün etmäge;

21) notarial resminamanyň öwezligini, notarial işinde bar bolan resminamanyň nusgasyny ýa-da resminamadan göçürme bermäge;

22) elektron resminamanyň kagyz göterijidäki görnüşini tassyklamaga;

23) ýuridik şahslaryň gatnaşmagynda geçirilýän gepleşiklere gatnaşmak arkaly, düzülýän teswirnamanyň (resminamalaryň) dogrulygyna şaýatlyk etmäge;

24) ýuridik şahs döredilende kabul edilen resminamalaryň, dolandyryş edarasynyň resminamalarynyň dogrulygyna şaýatlyk etmäge;

25) kanunçylykda göz öňünde tutulan beýleki notarial hereketleri amala aşyrmaga.

 

 Bellik: 1-nji bendinde göz öňünde tutulan gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak, ony girewine goýmak baradaky geleşikleri tassyklamak, 2-nji, 3-nji, 4-nji we 5-nji bentlerinde görkezilen notarial herketleri amala aşyrmak bilen bagly kadalar 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girýär.

 

Hususy notariusyň tälim alyjylygyna dalaşgär tälim alyjylygy geçmek üçin Türkmenistanyň Adalat  Ministrligine resmi taýdan arza bilen ýüz tutýar. Arzanyň ýanyna şu aşakdakylary goşýar:

1. pasportynyň nusgasyny;

2. diplomynyň we bilimi hakyndaky beýleki resminamalaryň nusgalaryny;

3.zähmet depderçesiniň nusgasyny;

4. bellenen görnüş boýunça doldurylan sowalnamany.

 

Fiziki şahs (ygtyýarnamanyň dalaşgäri) ygtyýarnama almak üçin Ygtyýarlylandyryjy edara arza berýär ýa-da arzasyny onlaýn arkaly Ygtyýarlandyryjy edaranyň elektron salgysyna kanunçylyga laýyklykda ugradýar, onda şu aşakdakylar görkezilýär:

Familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, pasport maglumatlary, işiniň görnüşi, şeýle hem ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň işiň bu görnüşini amala aşyrmakçy bolýan hakyky ýerleşýän ýeri.

 

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri ygtyýarnamany almak üçin Ygtyýarlylandyryjy edara berýän arzasynyň ýanyna «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan resminamalardan başga-da, şu aşakdakylary goşýar:

 

a) Ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan berlen bellenen görnüş boýunça sowalnama;

b) Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň nusgasy;

ç) ýokary bilim barada diplomyň we bilim baradaky beýleki resminamalaryň nusgalary;

d) zähmet depderçesiniň nusgasy;

e) döwlet notarial edarasynda ýa-da hususy notariusda tälim almagy geçmek barada baglaşylan ylalaşygyň nusgasy hem-de edara jaýynyň bardygyny (eýeçiliginde, kireýine almak ýa-da başga kanuny esasda peýdalanmagynda) tassyklaýan resminamalaryň nusgalary, enjamlary barada maglumaty.

Ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arza we onuň ýanyna sanaw boýunça goşulýan resminamalar olaryň Ygtyýarlylandyryjy edara gelip gowşan gününde olaryň kabul edilen senesi hakynda bellik edilip, kabul edilýär. Arzanyň nusgasy kabul edilen senesi hakynda bellik edilip, ygtyýarnamanyň dalaşgärine gowşurylýar.

Tölegler

Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda çykaran 1771 belgili karary bilen tassyklanan Ygtyýarlylandyrylmaga, degişli işiň aýry-aýry görnüşleri boýunça ygtyýarlylandyryjy edaralaryň sanawyny hem-de ygtyýarnamalaryň berilmegi üçin alynýan döwlet pajynyň möçberleriniň on dokuzynjy bölegine laýyklykda, işiň görnüşi – Hukuk işi :

Notarial işi (diňe notariuslaryň işi) işiň kody 69.10.20 belgi bilen bellenilen we döwlet pajynyň möçberi 1.100 (bir müň bir ýüz) manat diýlip kesgitlenen.

Hususy notariusyň tälim almak

Eger, Ygtyýarnamanyň dalaşgäri ygtyýarnama bermek barada çözgüt çykarylandan soň, otuz senenama gününiň içinde döwlet pajyny tölemese, Ygtyýarlylandyryjy edaranyň görkezilen ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda çözgüt çykarmaga haky bardyr.

Ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmegi we ygtyýarnamanyň öwezliginiň (dublikatynyň) berilmegi üçin döwlet pajynyň möçberi ygtyýarnama berlendigi üçin alynýan döwlet pajynyň 0,1 essesi (110,0 manat) essesi möçberinde kesgitlenýär.

Mahabat:

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda  bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat”  Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

 

“ATAVATAN DANIŞMANIIK” HEM MASLAHATÇYŇYZ HEM-DE TERJIMEÇIŇIZ BOLAR

Türkiýede bilim almak isleýän Türkmenistanly talyplara maslahat hyzmatlaryny berýän Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän “Atavatan Danışmanlık Yayıncılık Tercüme Turizm ve Bilişim Ltd” şereketi talyplara diňe bir maslahat bermek hyzmaty bilen çäklenmän, eýsem terjime hyzmatyny hem hödürlýär.

“Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi”

Aksaray mahallesi Koçibey sokak,  Erler Apt No:34 D:7 Kat:4  Fatih/ İstanbul

E: Mail Adres : atavatantranslation@gmail.com

WhatsApp  Atavatan : +90 532 401 71 52  ýa-da  +90 530 251 36 73

Ýene-de okaň

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergi geçiriler

“Kudo Kudo” türk fasfud restorany Türkmenistanda

“Bloomberg”: Mask 400 milliard dollardan gowrak baýlygy bolan ilkinji adam

“SpaceX” dünýädäki iň gymmatly hususy startap kompaniýasy boldy