DÜNÝÄ

Türkmenistanda Halkara täjirçilik arbitraž merkezi dörediler

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Beýik Britaniýanyň «Albertson Solicitors» kompaniýasynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyndan, Türkmenistanyň Adalat ministrliginden wekiller, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň 1-nji sekretary, şeýle hem «Albertson Solicitors» kompaniýasy tarapyndan degişli wekiller gatnaşdylar. Bu barada Söwda-senagat edarasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýanyndaky Halkara täjirçilik arbitraž merkezini döretmek boýunça teklibi ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen bu iş duşuşygynda Halkara täjirçilik arbitraž merkeziniň ýol kartasynyň taslamasy bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň geografiki taýdan amatly ýerleşmeginiň halkara söwda boýunça çalt ösýän ykdysady merkeze öwrülmeginde möhüm ähmiýete eýe bolmagyna oňyn täsiriniň bardygy aýratyn bellenilen bu duşuşykda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýanyndaky Halkara täjirçilik arbitraž merkezini döretmek üçin ýokary tejribeli hukukçylary bu işe çekmegiň, marketing strategiýasyny işläp taýýarlamagyň hem-de durmuşa geçirmegiň    mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri

Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana ynsanperwer kömegine iberdi