BIZNES

Türkmenistanda halkara ekologiýa forumy geçirildi

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähetleri” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ol “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygynda Beýik Britaniýanyň “GaffneyСline” kompaniýasynyň ýardam bermeginde guraldy.

Forum uglewodorod serişdelerini özleşdirmegiň ekologik taraplary we täze döwrüň energiýasyna geçiş, wodorod — geljegiň ýangyjy, zyňyndylary doly aýyrmak we monetizasiýa üçin metan zyňyndylaryny we kömürturşy gazyny azaltmak, ekologiýa we howa boýunça maliýeleşdirmegiň täze mümkinçilikleri hem-de arassa energiýany öndürmekdäki başlangyçlar ýaly dört ugry öz içine aldy.

Çykyşlarda biziň ýurdumyzyň halkara derejedäki çärelere gatnaşyjylaryň öň hatarynda bolmak bilen, özüniň ägirt uly mümkinçiliklerini ählumumy bähbitler üçin ulanmagy teklip edýändigi, Durnukly ösüş maksatlaryna garaýşyny hem-de olara ýetmegiň mümkinçiliklerini beýan edýändigi nygtaldy.

Nebitgaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ekologik ugurlaryna hem ähmiýet berildi. Halkara hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryň ýokary depginlere eýe bolandygy bellenildi, bu ulgamda amala aşyrylýan bilelikdäki iri taslamalar olaryň netijeleridir. Çykyş edenleriň biragyzdan nygtamaklaryna görä, bu gezekki çäre ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmak, giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, özara bähbitli, geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.

 

Hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy

Ýene-de okaň

Masato Kanda AÖB-nyň 11-nji prezidenti boldy

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi maýa goýumlary çekmek boýunça forum geçirýär

Türkmen telekeçileri Iordaniýadaky abraýly oba hojalyk sergisine çagyrylýar

Türkiýäniň türki döwletlerine eksporty artýar

BAE bilen Ukraina hemmetaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler

Gazagystan bilen Özbegistan bilelikdäki söwda merkezlerini döreder