JEMGYÝET

Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 30-njy awgustynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde oba hojalyk pudagynda möhüm möwsüm bolan güýzlük bugdaý ekişiniň ýetip gelendigine, ekiş möwsümini ýokary hilli we agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyna aýratyn ünsi çekip, ýurdumyzyň welaýatlarynda 4-nji sentýabrda hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berdi.

Düýn özboluşly toý ruhunda badalga alan ekiş möwsümi edermen daýhanlarymyzy yhlasly zähmet çekip, ene toprakdan bol hasyl almaga ruhlandyrdy.

Ahal welaýaty boýunça 2025-nji ýylyň hasyly üçin güýzlük däne ekmäge 195 müň gektar ýer talabalaýyk taýýarlanyldy. Ekerançylyk meýdanlarynda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaýyň ýerli toprak-howa şertlerinde bol hasyl berýän «Alekseiç», «Bezostaýa», «Kalym», «Batko», «Bagrat», «Sähraýy», «Garaşsyzlyk», «Bagtyýarlyk», «Miras», «Ýuka», «Irişka» ýaly görnüşleri ekiler. Bu görnüşlerden 400 müň tonna guşgursak däne ýetişdirmek maksat edinilýär.

Balkan welaýatynda 50 müň gektara azyklyk bugdaý tohumy ekilip, ondan 80 müň tonna guşgursak däne ýygnamak maksat edinilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ak patasy bilen Daşoguz welaýatynda-da güýzlük bugdaý ekişine guramaçylykly girişildi. Welaýat boýunça ekiş geçirilýän 145 müň gektar meýdandan geljek ýylda 265 müň tonna bugdaý hasylyny almak göz öňünde tutulýar.

Lebap welaýatda 130 müň gektar meýdana bugdaý tohumy sepiler. Şonça ýerden 310 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.

Mary welaýatynda 2025-nji ýylyň hasyly üçin 170 müň gektarda bugdaý ekişini geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Astana: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň ýokary sylagy — “Altyn Bürgüt” ordeni bilen sylaglandy

Gazagystan Türkmenistanynyň ykdysadyýetine 120 million dollardan gowrak maýa goýdy

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri ikiçäk duşuşdy

Astanada Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň Awazada şahamçasy açylar