DÜNÝÄ

Türkmenistanda GFR-nyň ykdysadyýet günleri geçiriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň German ykdysadyýetiniň Gündogar Komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn özara hereketleriň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn depgini bellenilip geçildi.

Ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlary boýunça köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurlygy nygtaldy. Türkmen-german Iş toparynyň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň aýratyn ähmiýeti bellenilip geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň we GFR-nyň söwda-ykdysady ulgamynyň ýolbaşçylarynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklary geçirmegiň mümkinçiliklerine hem seredip geçdiler.

Türkmen-german işewürlik-forumlaryny geçirmegiň oňyn tejribesiniň dowam edilmeginiň zerurlygy bellenildi. Türkmenistanda nobatdaky 7-nji GFR-nyň ykdysadyýet günleriniň geçirilmeginiň maksadalaýyklygy beýan edildi.

Taraplar şonuň ýaly-da, bank ulgamy boýunça hem iki ýurduň uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygynyň netijeliligini nygtadylar, çünki türkmen banklary Doýçebank we Kommersbank ýaly öňdebaryjy banklar bilen ygtybarly gatnaşyklary alyp barýarlar.

 

Hytaý kompaniýasy Galkynyş käninde täze guýylary gurar

 

 

Ýene-de okaň

Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar

Türkmenistan bilen Pakistanyň zenan parlamentarileriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy

BMG-niň Baş sekretary wezipesine ýene iki dalaşgär hödürlendi

Tramp içerki howpsuzlyk ministrini üýtgetmek kararyny mälim etdi