JEMGYÝET

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 321 sany raýatyň günäsi geçilýär

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda mübärek Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilen raýatlaryň tussaglykdna boşadylmagyna degişli Permana gol çekildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz asylly däbe eýerip, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 321 sany raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Begenç Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, ýurtda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, Türkmenistana ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Şu ýylky mübärek Oraza aýynda Gadyr gijesiniň 26-njy martdan 27-nji marta geçilýän gijä deň geljekdigi bellenilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda ykdysady üstünlikleriň sergisi geçiriler

Dr.Döwran Orazgylyjow : Makul Sözlük Silikon jülgesinden gözbaş alan taslama

Ata Watan Eserleri

“Magtymguly Pyragy” çeper filmi Tatarystandaky halkara kinofestiwalda baýrak gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze oba – Döwletli mekan açyldy

Amangeldi Baýgeldiýew: “Makul Sözlük” hoşniýetli gatnaşyklarda özboluşly “dil köprisi” bolup hyzmat eder

“Makul Sözlük” internet neşirlerinde