Ministrler Kabinetiniň mejlsinde Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Bütindünýä durnukly ulag güni” Kararnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli şu ýylyň 26-njy noýabrynda meýilleşdirilen “Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant” atly halkara ylmy we amaly maslahatyna hem-de sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, utgaşykly görnüşde geçiriljek foruma BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, abraýly halkara, sebit we sebitara ulag düzümleriniň, ulag ulgamynda işleýän iri kompaniýalaryň wekilleriniň we beýlekileriň gatnaşmagyna garaşylýar.
