BIZNES

Türkmenistanda azyk önümleri önümçiligi ösdürilýär: 138 ýyladyşhana guruldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda Oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmäge, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, pudagy sanly ulgama geçirmäge, obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dürli görnüşli azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga degişli meselelere garaldy.

  • Ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak maksady bilen, 2021-nji ýylda ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň meýdanyny, şu ýyl bilen deňeşdirilende, ep-esli giňeltmek hem-de öndürilýän hasylyň mukdaryny artdyrmak meýilleşdirilýär.
  • 2020-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 131,2 göterime deň boldy.
  • Täze, häzirki zaman tehnologiýalaryny peýdalanmak esasynda guşçulyk pudagy işjeňleşdirilýär. Telekeçiler tarapyndan guş etini öndürmäge hem-de ýumurtga öndürmek üçin niýetlenen guşçulyk toplumlary ulanmaga berildi. Şonuň bilen bir wagtda, täze guşçulyk hojalyklarynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň içerki bazary ýumurtga we guş eti bilen doly üpjün edildi.
  • Häzirki wagtda Mary welaýatynda sebitde iri süýt önümlerini gaýtadan işleýän toplum gurulýar. Onuň işe girizilmegi gury süýdi, mesge ýagyny we dürli görnüşli doňdurma önümlerini taýýarlamaga mümkinçilik berer. Bularyň ählisi daşyndan getirilýän önümleriň möçberini azaltmaga ýardam eder.
  • TSTB-niň agzalarynyň tagallasy bilen, döwrebap tehnologiýalar, şol sanda suw tygşytlaýjy ulgamlar ornaşdyrylan ýyladyşhanalaryň 138-si gurlup, ulanylmaga berildi we şeýle desgalaryň ýene-de 147-siniň gurluşygy dowam edýär.
  • Bu ýyladyşhanalarda öndürilýän ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli gök önümler içerki bazarlary üpjün etmek bilen birlikde, eksporty artdyrmaga-da mümkinçilik berýär.
  • Ilatymyzy ýylyň ähli pasyllarynda ter gök önümler bilen üpjün etmek üçin sowadyjy ammarlar gurulýar. Şolaryň işe girizilmegi bilen bu önümleriň saklanýan möçberini artdyrmaga mümkinçilik döreýär.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjan Türkmenistandan 155.3 million kubmetr tebigy gaz import etdi

Ýewropa maýa goýum bankynyň wise-prezidenti Türkmenistana geler

Türkmenistan halkara maliýe guramalaryň goldawy bilen üç gäminiň gurluşygyna tender yglan etdi

Türkmenistan Aziýanyň ösüş bankynyň sebitleýin taslamasyna goşular

Koreý kompaniýasy Türkmenistandaky ornuny berkidýär

Çagalar we gelejek: Innowasiýalaryň sergisi