BILIM

Türkmenistanda aspirantura kabul etmegiň tertibi

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran 9378 belgili Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamak hakynda Düzgünnama» laýyklykda, aspirantura ýokary bilimli, azyndan 5 ýyl iş tejribesi bolan, saýlan ugry boýunça ylmy gözlegleri geçirmekde başarnygyny görkezen şahslar bäsleşik esasynda kabul edilýär. Lukmançylyk ylmy ugry boýunça kliniki ordinaturany doly geçen we saglygy goraýyş ulgamynda azyndan 3 ýyl ýa-da kliniki ordinaturany geçmezden, azyndan 5 ýyl işlän şahslar aspirantura bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Aspirantura girmek hakynda aspirantlary taýýarlamagy amala aşyrýan ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy edaranyň ýolbaşçysynyň adyna arza şu resminamalary goşmak bilen berilýär:

— ýokary bilimi hakynda diplomynyň nusgasyny we onuň goşundysy (ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar degişli diplomynyň we onuň deň derejelidigini tassyklaýan Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen ykrar şahadatnamanyň nusgasyny);

— işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyz;

— №086/h görnüşli lukmançylyk güwänamasy;

— 4×6 sm ölçegdäki üç sany fotosurat;

— neşir edilen ylmy işleriniň sanawy, eger-de okuwa girýäniň ylmy işleri boýunça oýlap tapmalary bar bolsa, ylmy-barlag işleriniň we oýlap tapmalarynyň, hasabatlarynyň sanawy;

— hünärine laýyklykda saýlap alan temasy boýunça ylmy referat;

— zähmet depderçesiniň nusgasy.

Aspirantura girýän raýat ýokary okuw mekdebini tamamlandygy hakyndaky diplomy (daşary ýurtda bilim alan adamlar diplom we onuň deň derejelidigi hakynda ykrar şahadatnamany) we şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň asyl nusgasyny getirip görkezýär.

MAHABAT

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Türkiýede bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron pçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Ykdysady taslamalar boýunça Startup bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanlylara Ýewropa ýurtlarynda magistr maksatnamasy üçin okamak mümkinçiligi