BIZNES

Türkmenistanda 48,7 milliard kubmetr tebigy gaz öndürildi

Şu ýylyň 7 aýynda Türkmenistanda tebigy we ugurdaş gazyň çykarylan mukdary 48,7 milliard kubmetre golaý boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde olar 9 milliard kubmetrden hem gowrak artdy. Bu barada “oilgas.gov.tm” internet neşiri habar berýär.

Tebigy gazyň 27 milliard kubmetre golaýy eksporta ugradyldy, bu görkeziji geçen ýylyň 7 aýyna garanyňda 7,3 milliard kubmetr köp boldy. Ösüş depgini 137 göterime deň boldy. Ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň agramly bölegi Hytaý Halk Respublikasyna ugradyldy.

Halkara analitiki kompaniýalaryň maglumatlaryna görä, tebigy gaza bolan isleg diňe HHR-de däl-de, eýsem dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem ýokarlanýar. Şunuň bilen baglylykda «The Wall Street Journal» amerikan neşiri bu ýagdaýyň soňky ýylyň dowamynda kompaniýalaryň COVID-19 pandemiýasy zerarly gazyň çykarylyşyny azaltmagy hem-de ony entek dikeldip bilmänligi bilen şertlendirilendir diýip belleýär. Galyberse-de, gyşyň sowuk hem-de tomsuň yssy bolmagy elektroenergetikada gaza bolan islegiň artmagyna getirdi.

Türkmenistan Gyrgyzystana elektrik energiýasyny iberer

 

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler

Türkmenistanda tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin infrastruktura taslamasy amala aşyrylar

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işi kämilleşdiriler