JEMGYÝET

Türkmenistanda 247 sany raýatymyzyň günäsini geçildi

Türkmenistanyň sanly ulgam arkaly geçirilen Ministler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow asylly däbimize eýerip, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 247 sany raýatymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň mejlisiň başynda hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen hem-de eden etmişlerine ökünip ak ýürekden toba gelen raýatlaryň günäsini geçýändiklerini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berdi.

B.Gündogdyýew jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, asylly däbimize eýerip, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 247 sany raýatymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz  günäsi geçilen adamlaryň tussaglykdan boşadylyp, ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmaklary üçin ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Ýene-de okaň

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi