JEMGYÝET

Türkmenistanda 2025-2026-njy okuw ýyly üçin okuwa kabul ediş möwsümi başlaýar

11-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy hem-de 2025-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

Resminamada şu esasy kararlar bellenildi:

Okuw kabul ediliş möwsümi:
Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ouwa kabul edişlik 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly — 25-njy awgusty aralygynda guralar.
Giriş synaglary ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerlerinde geçiriler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentinň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2025-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Döwlet toparyna şu wezipeler tabşyryldy:
Okuwa kabul edişlik işlerini guramaçylyk-usulyýet taýdan dolandyrmak
Giriş synaglarynyň bellenen tertipde geçirilmegini üpjün etmek

Şeýle-de, welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin ähli zerur şertleri döretmek tabşyryldy.

Bu çäreler Türkmenistanyň bilim ulgamyny ösdürmek, ýokary bilim almak isleýän ýaşlara amatly mümkinçilikleri döretmek hem-de bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegini üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.

Mahabat:

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi möhümdir. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

 

Ýene-de okaň

BMG-niň Baş sekretaryndan Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk haty

Türkmenistan bilen Hytaý tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi

“Makul habar” elektron gazeti (33-sany)

Ata Watan Eserleri

Awazada taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: energetika we ulag hyzmatdaşlygy ösdüriler

Özbegistanyň Prezidentine köşekli arwana düýe sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Awazadaky taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: resminamalar toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri