BIZNES

Türkmenistan Yslam Ösüş bankynyň düzümine agza bolar

Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmek, ýurdumyza maliýe serişdelerini çekmekde halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň adyndan Yslam Ösüş bankynyň Söwdany maliýeleşdirmek boýunça yslam korporasiýasyna agza bolmak hem-de bellenen tertipde resmileşdirmek bilen bagly işleri geçirmäge ygtyýar berildi.

Bu ugurdaky degişli resminama Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde gol çekildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

 

1-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni bellener

Related posts

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi guralar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň hususy pudagynyň arasynda hyzmatdaşlyk ösdüriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Eýranyň demirýol ýolbaşçylarynyň duşuşygy