DÜNÝÄ

Türkmenistan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlisine gatnaşýar

2022-nji ýylyň 22-23-nji martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň, Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Raşid Meredow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň (DIMG) sişenbe güni Yslamabatdaky parlament binasynda işe başlan 48-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen Pakistanda saparda bolýar.

Musulman ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň her ýyl geçirilýän duşuşygy «Agzybirligiň, adalatyň hem-de ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlygyň bina edilmegi» şygary astynda geçýär. DIMG-niň 48-nji mejlisiniň başynda başlyklyk Pakistana geçirildi.

Giriş mejlisiniň barşynda Pakistanyň Premýer-ministri Imran Han, YHG-nyň baş sekretary Hisseýn Brahim Taha çykyş etdiler. Sebitleýin toparlaryň adyndan mejlisde Gazagystanyň (Aziýa topary), Tunisiň (Arap topary), Nigeriýanyň (Afrika topary) wekiliýetleriniň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Öz çykyşynda Gazagystanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi şu ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanda halkara synçylarynyň baha bermegine görä hakyky, erkin we bäsdeşlik ýagdaýynda ýurduň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilendigini habar berdi. Saýlawlaryň jemleri boýunça saýlawçylaryň sesleriniň 73% alan Onuň Alyhezretleri jenap serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze Prezidenti boldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijeleri barada habar berdi we Türkmenistana beren goldawy hem-de geçen saýlaw prosesiniň çäklerindäki monitoring işlerine YHG-nyň synçylarynyň işjeň gatnaşmagy babatynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna minnetdarlyk bildirdi.

R.Meredow parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň ýola goýulmagynda bitaraplyk syýasatynyň derwaýyslygyny nygtamak bilen, şu babatda «Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde we tutuş dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda hem-de pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny» atly kararnamanyň ähmiýetini belläp geçdi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan geçen ýylyň dekabrynda öňe sürlen «Dialog – parahatçylygyň kepili» diýlip atlandyrylan häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň täze filosofiýasynyň döredilmegi baradaky Türkmenistanyň ýene-de bir başlangyjynyň ähmiýeti nygtaldy.

Owganystany goldamak meselesi babatyndaky Türkmenistanyň garaýyşlarynyň owgan meseleleriniň syýasy, ykdysady we ynsanperwer aýratynlyklarynyň bitewiligine düşünmeklige esaslandygy bellenilip geçildi.

Durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri hökmünde özara baglanşyklylygyň derwaýyslygyny nygtamak bilen, Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy halkara ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň has hem ösdürilmeginiň zerurlygyna aýratyn üns çekdi.

Şu nukdaýnazardan, foruma gatnaşyjylara Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda 2022-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçiriljek deňize çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň maslahaty barada habar berildi.

 

 

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Ýene-de okaň

Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady

Argentinanyň Prezidenti Italiýanyň raýaty boldy

Özbegistanyň medeniýet ministrine Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti diýen at dakyldy

Donald Tramp – ýylyň adamy