2024-nji ýylyň 5-6-njy dekabrynda Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Malta Respublikasynyň Walletta şäherinde geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 31-nji mejlisine gatnaşdy.
Bu möhüm çäre her ýylda ÝHHG-a agza bolan 57 sany ýurdyň wekillerini jemleýär we şu ýyl duşuşyga 30-dan gowrak döwletiň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri we ýolbaşçylary gatnaşdylar. Iki günüň dowamynda umumy mejlisler we birnäçe ugurdaş çäreler geçirildi.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy ugurlary Ýewropadaky we Ýewraziýadaky häzirki howpsuzlyk, şeýle-de guramanyň hereket etmegi bilen bilen baglanyşykly meselelerden ybarat boldy.
Mejlisiň barşynda ÝHHG-nyň esasy wezipelerine ýolbaşçylary bellemek barada çözgütler kabul edildi we Guramanyň geljek ýyl üçin býujetine, şol sanda ÝHHG-nyň işi bilen baglanyşykly beýleki meselelere garaldy.
Umumy mejlisde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa çykyş edip, sebitde durnuklylygy berkitmek, gepleşikleri we durnukly ösüşi ilerletmek işinde Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň möhümdigini nygtady. Türkmenistanyň syýasy, ykdysady-ekologik we ynsanperwer ugurlardaky başlangyçlaryna aýratyn üns berildi.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy soňky ýyllarda Türkmenistanyň ÝHHG bilen üç ugur boýunça hem hyzmatdaşlygy işjeňleşdirendigini aýtdy. Halkara ulag infrastrukturasynyň ösüşi nukdaýnazaryndan Türkmenistan ÝHHG-nyň ähli agza ýurtlary bilen has ysnyşykly özara gatnaşyklar ugrynda çykyş edýär.
Mundan başga-da, ekologiýa ugry boýunça hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şu nukdaýnazardan, ählumumy, sebit we milli derejelerde, şol sanda her bir döwletiň hereketlerini utgaşdyrmak arkaly ekologiýa ugryndaky tagallalary birleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.
Türkmen tarapy parahatçylyk, ynanyşmak we bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklap, ÝHHG bilen gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardygyny mälim etdi.
****
ÝHHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 31-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Kipr Respublikasynyň DIM-iň Döwlet sekretary Andreas Kakuris bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary, şol sanda daşary syýasat edaralarynyň ugury boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýeti bellenildi.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky hyzmatdaşlygynyň şertnamalaýyn-hukuk esaslaryny berkitmäge taýýarlyk mälim edildi.
Taraplar geljekde syýasy geňeşmeleri geçirmek maksady bilen Daşary syýasat edaralarynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamalaryň taslamalarynyň üstünde işlemek barada ylalaşdylar.
Şeýle hem söwda-senagat kooperasiýasyny ösdürmek boýunça iki ýurduň jogapkär edaralarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmaga taraplaryň taýýardyklary mälim edildi.
****
Mundan başga-da, ÝHHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 31-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň başlygynyň orunbasary Ýewropanyň Daşary gatnaşyklar gullugynyň Gündogar Ýewropa, Russiýa, Merkezi Aziýa we ÝHHG boýunça dolandyryjy direktory Mihael Zibert bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Özara gatnaşyklaryň hereket edýän gurallarynyň, şol sanda Türkmenistan–ÝB Bilelikdäki komitetiniň, adam hukuklary boýunça we parlamentara dialoglarynyň möhümdigi nygtaldy.
ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan, taraplar ÝB–Merkezi Aziýa formatynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygyny geljek ýyl Türkmenistanda guramak meselesine degip geçdiler.