BIZNES

Türkmenistan Ýewropa tebigy gaz ibermek üçin mümkinçilige eýedir

Türkmenistanyň Ýewropa tebigy gaz ibermek üçin mümkinçiliginiň bardygy bellenildi. Bu barada Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly XXVII halkara maslahaty döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow öz çykyşynda belläp geçdi.

“RIA Nowosti” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Batyr Amanow Türkmenistanyň tebigy gazyny demirgazyk ugry boýunça Russiýa Federasiýasyn, gündogar ugry boýunça Hytaýa iberýändigini belledi.

– Türkmenistan dünýäniň energetika kartasynda tebigy gazy eksport etmekde ygtybarly we möhüm ýurtlaryň biridir. Ýewropa ugry boýunça tebigy gazy ibermekde hem uly geljegi bar – diýip, Amanow belläp geçdi.

Şeýle hem ol dünýä bazarynda tebigy gaz bolan islegiň has ýokarydygyny nazarda tutup, “Türkmengaz” döwlet konserniniň tebigy gazy diwersifikasiýa ýoly bilen halkara nergetika bazaryna ibermek hem-de sebitleýin energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belledi.

Türkmenistan özüniň baý tebigy gaz gorlay bilen Russiýa, Eýran we Katar ýaly döwletler bilen iri energetika döwletleriň biridir.

Ýene-de okaň

“EKSPO-2027”: “Türkmenistan-parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy